Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Onlaýn okuw-usuly maslahatlary geçirildi

30.05.2026

1516

Onlaýn okuw-usuly maslahatlary geçirildi

Maý aýynyň 20-ne “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýörite orta hünär sazçylyk we sungat mekdepleriniň “Hor dirižýorlygy we Saz mugallymçylygy”, “Türkmen milli saz gurallary”, “Fortepiano” bölümleriniň gatnaşmaklarynda “Hünärleriň esaslyk okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we okatmagyň usullary boýunça özara tejribe alyşmak” atly onlaýn okuw-usuly maslahatlary geçirildi.

Okuw-usuly maslahatlary bölümler boýunça aýratynlykda geçirilip,  mekdebiň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary S.E.Baýramow giriş sözi bilen çykyş edip maslahata gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi. Soňra mekdebiniň “Hor dirižýorlygy we Saz mugallymçylygy” bölüminiň müdiri T.O.Baýramowyň esaslyk okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek üçin gönükdirlen meseleleri barada çykyşy diňlenildi. Bölümiň halypa mugallymy N.Ş.Babaýansyň okatmagyň usulyýeti boýunça “Orta mekdeplerinde estetiki we ruhy terbiýe bermekde aýdym sazyň tutýan orny” atly tema bilen çykyş etdi. Soňra Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň Türkmenistanda hor edebiýatynyň taryhy barada, Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy “Başlangyç synplarda saz terbiýesini bermegiň usullary” atly tema, mekdebimiziň mugallymy L.Ç Salyhowanyň “Saz pedagogikasy” dersi we ony okatmagyň döwrebap usullary barada,Lebap welaýat ýörite sungatmekdebiniň mugallymy “Hory öwreniş nusgawy sapak”, Balkan welaýat ýörite sungatmekdebiniň mugallymy “Mekdebe çenli çagalaryň saz biliminiň esasy nazary” ýaly temalar bilen çykyş edip okuw sapaklarynyň hilini gowulandyrmak, talyplarda öz saýlan hünärlerine söýgi döretmek barada pikir alyşdylar. Okuw-usuly maslahata gatnaşyjylar öz pikirlerini, tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar we maslahaty jemlediler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Türkmen halkynyň hak howandary, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçly ýollarda rowana bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli

 konserwatoriýasynyň ýanyndaky

Daňatar Öwezow adyndaky

Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address