Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

31.05.2026

1347

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

2026-nji ýylyň maý aýynyň 30-31-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda geçirilen “Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy” boýunça bäsleşik geçirildi. Dört ugur boýunça iki günüň dowamynda geçirilen bäsleşigi örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi.Bäsleşigiň jemleýji dabarasynda her ugur boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Dabaranyň dowamyndaky çykyşlarda bellenilşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netjelerini berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Soňra bolsa bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Üstünlikli geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address