
News
1363

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bedew batly depginli ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzda bilim özgertmeleri barha rowaçlanýar. Milli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol işleriň has-da üstünliklere beslenmeginde mugallymlara we bilim işgärlerine uly orun degişli bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda mugallymlara we bilim işgärlerine ýüzlenip: «Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mukaddes käriňiziň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny has-da artdyrmalysyňyz. Ylmyň-bilimiň we tejribäniň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän okatmagyň täze usullaryny işläp düzmelisiňiz. Sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirip, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmeleriňiz bilen ýokary netijeleri gazanmalysyňyz» diýip, pedagogik işgärlere uly ynam bildirýär we olaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim ulgamynda gazanylýan guwandyryjy üstünliklerde, köp babatlarda, pedagogik işgärleriň we bilim edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän dürli bäsleşikleriň möhüm orny we ähmiýeti bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimde amala aşyrýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän we tapawutlanyp işleýän, hünärine ussat bilim işgärlerini hem-de nusgalyk işleri ýola goýlan göreldeli bilim-terbiýeçilik edaralaryny ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 266 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň Tertibine» we Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 7-nji maýyndaky 179 belgili buýrugy bilen döredilen eminlik toparynyň netijenamasyna laýyklykda, ýakynda aşakdaky 15 ugur boýunça geçirlen hünär bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynyň jemleri jemlendi:
1) «Iň gowy orta mekdep» atly bäsleşik.
2) «Iň gowy çagalar bakja-bagy» atly bäsleşik.
3) «Iň göreldeli mekdepden daşary çagalar edarasy» atly bäsleşik.
4) «Iň gowy mekdep kitaphanasy» atly bäsleşik.
5) «Iň gowy okuw otagy» atly bäsleşik.
6) «Iň gowy topar otagy» atly bäsleşik.
7) «Iň göreldeli mekdep müdiri» atly bäsleşik.
8) «Iň göreldeli çagalar bakja-bagynyň müdiri» atly bäsleşik.
9) «Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» atly bäsleşik.
10) «Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» atly bäsleşik.
11) «Iň göreldeli terbiýeçi-usulyýetçi» atly bäsleşik.
12) «Iň göreldeli synp ýolbaşçysy» atly bäsleşik.
13) «Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy» atly bäsleşik.
14) «Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy» atly bäsleşik.
15) «Iň gowy mekdep sport zaly» atly bäsleşik.
Bu bäsleşiklere ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyz Aşgabat hem-de Arkadag şäherinden öňdebaryjy, täzelikçi pedagogik işgärleriň we bilim edaralarynyň örän işjeň ýagdaýda gatnaşandyklaryny hem-de öz işlerini hödürländiklerini bellemek gerek.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 7-nji maýyndaky 179 belgili buýrugy bilen döredilen eminlik toparynyň düzümine döwlet edaralaryndan, we jemgyýetçilik guramalaryndan – Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutyndan, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinden, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinden, «Türkmenistan» we «Mugallymlar gazeti» gazetlerinden, «Bilim» ylmy-usuly žurnalyndan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden tejribeli hünärmenler girizildi. Olar bäsleşikleriň her bir ugry boýunça hödürlenen işleri jikme-jik öwrenip, «Bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň Tertibiniň» talaplaryna laýyklykda adalatly baha berdiler.
Şeýlelikde, eminlik toparynyň çykaran netijenamasyna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndaky “Bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynyň jemleri hakynda” 218 belgili buýrugy esasynda, dürli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri diýlip aşakdakylar yglan edild:
Baş baýraga mynasyp bolanlar:
| Bäsleşigiň ady | Ýeňijiler |
| «Iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşik | Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 14-nji çagalar bakja-bagy |
| «Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri» atly bäsleşik | Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 2-nji çagalar-bakja bagynyň müdiri Sähragül Akmämmedowa |
| «Iň göreldeli terbiýeçi-usulyýetçi» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Mähri Abdyweliýewa |
| «Iň gowy topar otagy» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Mahira Ermetowa |
| «Iň gowy mekdep» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebi |
| «Iň göreldeli mekdep müdiri» atly bäsleşik | Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň müdiri Jahan Saparmyradowa |
| «Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» atly bäsleşik | Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Bagtygül Pudakowa |
| «Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» atly bäsleşik | Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülendam Gylyçlyýewa |
| «Iň göreldeli synp ýolbaşçy» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Merjen Saparowa |
| «Iň gowy okuw otagy» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Amangül Sopyýewa |
| «Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy» atly bäsleşik | Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň18-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Baýrammyrat Keljäýew |
| «Iň gowy mekdep kitaphanasy» atly bäsleşik | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 145-nji orta mekdebiniň kitaphanasy |
| «Iň gowy mekdep sport zaly» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň sport zaly |
| «Iň göreldeli mekdepden daşary çagalar edarasy» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi |
| «Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy» atly bäsleşik | Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň “Deprekçiler” gurnagynyň ýolbaşçysy Orazjan Sapargeldiýew |
1-nji orna mynasyp bolanlar:
| Bäsleşigiň ady | Ýeňijiler |
| Iň gowy çagalar bagy | Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagy |
| Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri | Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 130-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülşat Töräýewa |
| Iň göreldeli terbiýeçi-usulyýetçi | Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Hallybibi Amantaýewa |
| Iň gowy topar otagy | Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 49-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Aýşa Ýanyýewa |
| Iň gowy mekdep | Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebi |
| Iň göreldeli mekdep müdiri | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň müdiri Aýnabat Otuzowa |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Gülnar Bekiýewa |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Bägül Padarowa |
| Iň göreldeli synp ýolbaşçy | Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň M.Begenow adyndaky 5-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Merjen Baýryýewa |
| Iň gowy okuw otagy | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň surat, çyzuw mugallymy Gülälek Täçmyradowa |
| Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy | Aşgabat şäheriniň 20-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Bägül Bekdurdyýewa |
| Iň gowy mekdep kitaphanasy | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdebiniň kitaphanasy |
| Iň gowy mekdep sport zaly | Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän, ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň sport zaly |
| Iň göreldeli mekdepden daşary çagalar edarasy | Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çagalar we ýetginjekler öýi |
| Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy | Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň “Ruhubelent” Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň “Çeper eller” gurnagynyň ýolbaşçysy Gülçemen Ahmedowa |
2-nji orna mynasyp bolanlar:
| Bäsleşigiň ady | Ýeňijiler |
| Iň gowy çagalar bagy | Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 1-nji çagalar-bakja bagy |
| Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri | Arkadag şäheriniň 20-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Bahar Baýramowa |
| Iň göreldeli terbiýeçi-usulyýetçi | Mary welaýatynyň 41-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Leýli Sähetliýewa |
| Iň gowy topar otagy | Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ejegyz Amanowa |
| Iň gowy mekdep | Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen45-nji orta mekdebi |
| Iň göreldeli mekdep müdiri | Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň müdiri Amanşeker Aşyrowa |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Agsoltan Hojagulyýewa |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Umyda Astanowa |
| Iň göreldeli synp ýolbaşçy | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen134-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Altyngözel Saparmyradowa |
| Iň gowy okuw otagy | Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy Jeren Hojakulyýewa |
| Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy | Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 11-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Döwletgeldi Durdyýew |
| Iň gowy mekdep kitaphanasy | Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň kitaphanasy |
| Iň gowy mekdep sport zaly | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umymybilim berýän ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň sport zaly |
| Iň göreldeli mekdepden daşary çagalar edarasy | Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi |
| Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy | Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň “Körpeje tikinçi” gurnagynyň ýolbaşçysy Aýnabat Jumaýewa. |
3-nji orna mynasyp bolanlar
| Bäsleşigiň ady | Ýeňijiler |
| Iň gowy çagalar bagy | Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 15-nji çagalar bakja-bagy |
| Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri | Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Güljemal Berkeliýewa |
| Iň göreldeli terbiýeçi-usulyýetçi | Arkadag şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Mährijemal Işanowa |
| Iň gowy topar otagy | Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garşy aýlagynyň 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülnabat Toýlyýewa |
| Iň gowy mekdep | Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 15-nji orta mekdebi |
| Iň göreldeli mekdep müdiri | Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiniň müdiri Gülnar Garýagdyýewa |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Ogultuwak Orryýewa |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Aşgabat şäheriniň 145-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Sülgün Esenmyradowa |
| Iň göreldeli synp ýolbaşçy | Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Enegözel Atageldiýewa |
| Iň gowy okuw otagy | Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Allaberdi Hudaýbergenow adyndaky 17-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Gülşat Mämmetgeldiýewa |
| Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy | Lebap welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň saz mugallymy Aýna Sapardurdyýewa |
| Iň gowy mekdep kitaphanasy | Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 10-njy orta mekdebiniň kitaphanasy |
| Iň gowy mekdep sport zaly | Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň sport zaly |
| Iň göreldeli mekdepden daşary çagalar edarasy | Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň “Ruhubelent” Çagalar we ýetginjekler öýi |
| Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy | Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy Tuwak Süleýmanowa |
Şeýle hem, bäsleşiklere işjeň gatnaşandyklary üçin şu aşakdakylar höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular:
Höweslendiriji baýraga mynasyp bolanlar
| Bäsleşigiň ady | Baýraga mynasyp bolanlar |
| Iň gowy çagalar bagy | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen127-nji çagalar-bakja bagy |
| Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň ýöriteleşdirilen 15-nji çagalar bakja-bagy | |
| Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagy | |
| Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri | Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gyrmyzy Öwezowa |
| Balkan welaýatynyň 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Sonagül Allanazarowa | |
| Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülçehra Hudaýkulyýewa | |
| Iň göreldeli terbiýeçi-usulyýetçi | Aşgabat şäheriniň 100-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Mähri Bagşyýewa |
| Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Gulälek Akmyradowa | |
| Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 9-njy çagalar bakja- bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Rano Ýomudowa | |
| Iň gowy topar otagy | Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Şirin Çerriýewa |
| Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň matematika ugruna ýöriteleşdirilen10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Mürzäýewa Ogultäç | |
| Iň gowy mekdep | Aşgabat şäheriniň 45 -nji orta mekdebi |
| Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebi | |
| Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebi | |
| Iň göreldeli mekdep müdiri | Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň müdiri Agamyrat Hojaberdiýew |
| Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň müdiri Ogulgül Ataýewa | |
| Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdebiniň müdiri Nurtäç Rejepowa | |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Ogulgül Amandurdyýewa |
| Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji ortamekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Aganyýaz Annaýew | |
| Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň 9-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Läle Ataýewa | |
| Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary | Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 11-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Annanazar Annagulyýew |
| Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Aýşa Öwezmyradowa | |
| Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniňdaşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Nazmuhammet Japarow | |
| Iň göreldeli synp ýolbaşçy | Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mugallymy Ogulsuraý Ballyýewa |
| Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Ogulbagt Nurgeldiýewa | |
| Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maýagözel Çaryýewa | |
| Iň gowy okuw otagy | Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Ejegül Ataýewa |
| Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Çemen Garameýdanowa | |
| Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Jeren Ummadowa | |
| Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy | Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Maýa Sultanmyradowa |
| Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 3-nji “Çeşmejik” çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Aýjahan Gylyçdurdyýewa | |
| Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Gülälek Mämmedowa | |
| Iň gowy mekdep kitaphanasy | Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň kitaphanasy |
| Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň kitaphanasy | |
| Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň kitaphanasy | |
| Iň gowy mekdep sport zaly | Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň sport zaly |
| Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň sport zaly | |
| Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň sportzaly | |
| Iň göreldeli mekdepden daşary çagalar edarasy | Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi |
| Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi | |
| Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy | Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Aýdym-saz we fortopiano” gurnagynyň ýolbaşçysy Enejan Bekmurzaýewa |
| Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň “Kompýuter” gurnagynyň ýolbaşçysy Aýsylu Halmyradowa | |
| Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň “Çeper okaýyş” gurnagynyň ýolbaşçysy Menzil Razymuradowa |
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriniň arasynda geçirilen bu bäsleşikleriň netijeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halal zähmet çekip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşmak, ata Watanymyza wepaly, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletimiziň bagtyýar geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň ýokary we mugallymçylyk ussatlygynyň has-da kämil bolmagy ugrunda giň gerimli, toplumlaýyn we nusgalyk işleri üstünlikli durmuşa geçirýän bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň köpdügini görkezdi.
Mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 5 ýyllygyny uludan toýlanýan«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriniň arasynda geçirilen dürli bäsleşikleriň ýeňijilerini hem-de höweslendiriji baýraklara mynasyp bolanlary çyn ýürekden gutlaýarys. Olara täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi bedew batly ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Türkmenistanyň Milli bilim instituty