Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi

Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary Döwlet bäsleşiginde uly üstünlik gazandylar

04.06.2026

559

Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary Döwlet bäsleşiginde uly üstünlik gazandylar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlaryň intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bilim ojaklarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, halkara bäsleşiklerde talyplarymyzyň yzygiderli üstünlik gazanmagy hut döwlet baştutanymyzyň bilim hakyndaky öňe sürýän beýik syýasatynyň dabaralanmasydyr.

        Munyň aýdyň mysaly bolup, 2026-njy ýylyň  maý aýynyň 5-ne nobatdaky Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Döwlet bäsleşigidir.  Geçirilen Döwlet bäsleşiginde Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary uly üstünlik gazanyp, dürli dersler boýunça baýrakly III ýere eýe bolmagy başardylar.

        Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan III derejeli Diplom bilen sylaglanan talyplarymyzyň, olaryň ýeňiş gazanan dersleriniň  we talyplarymyzy döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallymlarymyzyň sanawy:

1. Ogulşirin Toýlyýewa (1-nji ýyl talyby) — Matematika dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallym: Şallyýew Tirkeş Gurbanowiç.

2. Döwlet Saparow (2-nji ýyl talyby) — Sanly ykdysadyýet dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallym: Berdiýewa Oguljennet Hakberdiýewa.

3. Nurana Muhadowa (2-nji ýyl talyby) — Ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallym: Akmämmedowa Gyzylgül Annamyradowna.

4. Musa Hakberdiýew (2-nji ýyl talyby) — Rus dili dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallym: Jumadurdyýewa Gymmat Şamuradowna.

5. Göwher Gurbanlyýewa (2-nji ýyl talyby) — Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallym: Akmämmedowa Gyzylgül Annamyradowna.

6. Oguljennet Ataýewa (3-nji ýyl talyby) — Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallym: Akmämmedowa Gyzylgül Annamyradowna.

7. Tyllagözel Agamyradowa (3-nji ýyl talyby) — Iňlis dili dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallymlar: Karliýewa Tumar Kurbanowna we Annamyradowa Läle Saparowna.

8. Elnara Taganbaýewa (3-nji ýyl talyby) — Ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersi. Döwlet bäsleşigine taýýarlan mugallym: Akmämmedowa Gyzylgül Annamyradowna.

https://bilim.tm/tk/images/265

       Bu uly baýraklar talyplarymyzyň öz sowatlylygyny kämilleşdirmäge bolan yhlasynyň, hem-de olara döwrebap bilim berýän mugallymlaryň çeken netijeli zähmetiniň aýdyň subutnamasydyr. Mekdebimiziň adyny belende göteren talyplarymyzy we olaryň mugallymlaryny gazanylan ajaýyp üstünlikler bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

      Ýaşlarymyza geljekde okuwda, ylymda we hünär ýolunda täze-täze belentliklere ýetmeklerini arzuw edýäris!

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address