Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ABŞ-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

08.06.2026

107

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ABŞ-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rodžersiň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, akademiki hereketliligi ösdürmäge, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň häzirki zaman pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň we bilelikdäki Ýol kartasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda ösdürilýändigi bellenildi. Bu mehanizmler aýry-aýry taslamalary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen yzygiderli hem-de uzak möhletleýin strategiýa öwürmäge şert döredýär.

Türkmen tarapy myhmanlary ýurtda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyrdy. Şunda giň gerimli sanlylaşdyrmaga, innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag kuwwatyny pugtalandyrmaga, şeýle hem bilimlere esaslanýan ykdysadyýete geçişiň çäklerinde adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki magistratura maksatnamalaryny, şol sanda MBA maksatnamasyny durmuşa geçirmek, iki diplomly bilim maksatnamalaryny ösdürmek, okuw meýilnamalaryny utgaşdyrmak we professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Taraplar şeýle taslamalaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Şeýle hem ýaşlaryň liderlik ukyplaryny ösdürmegiň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmegiň netijeli guraly hökmünde hereket edýän alyş-çalyş maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Amerikan tarapy türkmenistanly gatnaşyjylar üçin orunlaryň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy hem-de ABŞ-nyň bilim we alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary bilen alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Bilimleri halkara derejede bahalandyrmak we maglumat tehnologiýalary babatda öňdebaryjy synag hem-de sertifikatlaşdyryş ölçeglerini ornaşdyrmak, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy sanly bilim platformalaryna elýeterliligi giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy onlaýn bilim serişdelerini milli bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň üstüni ýetirer.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň bilelikdäki Ýol kartasyny döwrebaplaşdyrmagyň maksadalaýykdygy barada pikir alyşdylar. Täzelenjek strategik resminamada sanly bilim ekoulgamlary, emeli aň tehnologiýalary, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýasy we täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary ýaly ileri tutulýan ugurlaryň öz beýanyny tapmagyna garaşylýar.

Duşuşyk işjeň we netijeli ýagdaýda geçip, taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de geljegiň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga bolan özara gyzyklanmasyny tassyklady.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address