Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti Urumçy şäherinde iş saparynda boldy

29.06.2026

415

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti Urumçy şäherinde iş saparynda boldy

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlary N.Hezziýewa we A.Allagulyýew türkmen wekiliýetiniň düzüminde Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde geçirilen “Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa-Hytaý” maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular.

Iş saparynyň dowamynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (Türkmenistan), Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) we Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hytaý dilini okatmak çygryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga”, şeýle hem  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda hytaý tarapy bilen üçtaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde bilelikdäki ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmaga gönükdirilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, medeni gatnaşyklary giňeltmek we şonuň bilen bitewi bilim, medeni we maglumat giňişligini kemala getirmek maksat edilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda bilim işini usulyýet taýdan üpjün etmek, mugallymlary we alymlary alyşmak, okuw gollanmalaryny bilelikdeişläp taýýarlamak, özara bähbitli ugurlar boýunça mugallymlaryň hünärini we bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymlary üçin taýýarlyk hem-de hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny guramak,  özara bähbitli ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýup, akademiki çäreleri bilelikde geçirmek we ylmy, usuly makalalary neşir etmek ýaly işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu Ylalaşyklara gol çekilmegi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda öňden gelýän oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nobatdaky beýany boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address