Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Halkara äleminde türkmen saz sungatynyň dabaralanmagy

01.07.2026

539

Halkara äleminde türkmen saz sungatynyň dabaralanmagy

2026-njy ýylyň 23–26-njy iýunynda Özbegistan Respublikasynyň Namamgan şäherinde ÝUNESKO, ICESCO, TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda halkara derejesinde gurnalan we medeniýet dünýäsiniň ünsüni özüne çeken uly möçberli “III International Maqom Art Forum Namangan – 2026” (“III Halkara makam sungatynyň forumy”) atly halkara aýdym-saz forumy hem-de onuň çägindäki bäsleşikler we ylmy maslahat dünýäniň dürli künjeklerinden gelen sungat ussatlaryny, zehinli ýaşlary we medeniýet işgärlerini bir ýere jemledi. Bu halkara forumyna dünýäniň 30-a golaý döwletinden ussat aýdymçylar, sazandalar, kompozitorlar we sungaty öwrenijiler gatnaşyp, medeni gatnaşyklaryň täze köprülerini gurdular. Çäräniň emin agzalarynyň düzüminde halkara derejeli, dünýä tanymal we abraýly sungat ussatlaryndan ybarat bolan jemi 7 sany professional hünärmen eminlik etdi we olar bäsleşige gatnaşyjylaryň ukybyny, ýerine ýetiriş ussatlygyny gaty adalatly hem-de inçelik bilen bahalandyrdylar. Bäsleşik örän ýokary guramaçylykly, dabaraly we dostlukly ýagdaýda geçip, her bir döwletiň milli medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döretdi. Bu abraýly halkara medeni çärä Türkmenistandan hem ýörite wekilçilikli medeniýet we sungat işgärleri gatnaşyp ajaýyp zehinleri bilen foruma gatnaşyjylary haýran galdyrmagy başardylar. Türkmen wekilçiliginiň hatarynda zehinli aýdymçy, Türkmenistanyň halk bagşysy Nurýagdy Baýramowyň agtygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Baýramow özüniň üýtgeşik sesi we ýokary ýerine ýetiriş ussatlygy bilen foruma aýratyn şowhun uçgunlaryny çaýdy. Ol sahnada diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazanan Garaja oglanyň sözlerine “Ýar seniň”, türkmen halk aýdymlary “Jan-jan”, “Arzurym” we “Balsaýat” ýaly meşhur hem-de özboluşly aýdymlary ýerine ýetirdi. Onuň çykyşyna Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi, ezber gyjakçy Spartak Atakow we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazyçylyk mekdebiniň mugallymy, zehinli dutarçy Döwlet Daňatarow sazandarlyk etdiler. Saz bilen sözüň sazlaşykly ýaňlanmagy kämil ýerine ýetirijilige alyp baryp ähli diňleýjileriň dem alyşy we ýürek urşy bir bitewi ýaly bolup, tomaşaçylaryň bar ünsi ýerine ýetirijilere gönükdirilip bir jany-ten bolup sungat ummanyna çümen ýaly duýguny döretdi. Beýle ýagdaýy duýan sazandalar has täsirli çykyş edip diňleýjileri özüne bendi etdiler.

Forumyň çäginde geçirilen halkara bäsleşige gatnaşan zehinli nusgawy triomyz özüniň bäsleşik maksatnamasyny ýokary derejede ýerine ýetirip, eminleriniň ünsüni özüne çekmegi başardy we netijede uly üstünlik gazanyp, abraýly bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Forumyň çäklerinde geçirilen “Gündogar makomyň täze tendensiýalary: däbiň innowasiýalar bilen arabaglanyşygy” atly halkara ylmy maslahatynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, sazşynas, birnäçe kitaplaryň awtory Röwşen Muhammedow “Türkmen mukamlarynyň öwreniliş derejesi” diýen tema bilen çykyş etdi. Medeniýet we sungat işgärleriniň gazanan üstünlikleri türkmen halkynyň, aýratyn-da ýurdumyzyň sungat söýüji jemgyýetçiliginiň arasynda uly tasir galdyrdy, çünki milli mukamlarymyzyň, dutar we gyjak owazlarymyzyň hem-de häzirki zaman aýdymlarymyzyň goňşy we doganlyk Özbegistanda şeýle uly dabaranyň geçirilen ýerinde belentden belent ýaňlanmagy, şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylarymyşyň baýrakly orna mynasyp bolmagy türkmenleriň öz milli baýlygyna- medeni mirasyna bolan buýsanjyny has-da artdyrdy hem-de halkara arenalarda türkmen sungatynyň sarpasynyň belentdigini ýene bir gezek subut etdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address