Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Tomus dynç alyşy – manyly we täsirli

11.07.2026

1318

Tomus dynç alyşy – manyly we täsirli

​Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan, sagdyn we manyly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günler Bereket etrap bilim bolumine degişli orta mekdeplerin çagalary üçin hem tomus dync alyş günleri ýatda galyjy pursatlara baý bolýar.

​Bereket etrabynyn tebigi dersleri çuňlaşdyryp owredyan yoritelesdirilen orta mekdebinde çagalar üçin niýetlenip geçirilen ýörite çäre munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Çäräniň çäklerinde çagalar ilki bilen kitaphana gezelenç edip, özlerini gyzyklandyrýan täze kitaplar, ertekiler we şahyrlaryň döredijiligi bilen tanyşdylar. Kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak maksady bilen guralan bu gezelenç çagalarda uly täsir galdyrdy.

​Mundan başga-da, çärä gatnaşan gyzjagazlar mährem ene-mamalarymyzyň ýanyna baryp, olaryň milli el işlerini edip oturyşlaryny synladylar. Enelerimiz gyzlara keşde çekmegiň, jorap örmegiň we asylly milli gymmatlyklarymyzyň inçe syrlaryny öwretdiler. Bu bolsa nesilleriň arasyndaky kämil arabaglanyşygy, milli däp-dessurlarymyza bolan hormaty has-da berkitdi.

​Şol bir wagtyň özünde, oglanjyklar we gyzjagazlar üçin şadyýan sport ýaryşlary hem guraldy. Bäsleşikde çagalar özleriniň çalasynlygyny, eýjeligini we sagdynlygyny görkezip, biri-birinden gyzykly oýunlarda bäsleşdiler.

​Şeýle manyly we şadyýan çäreleri gurap beren guramaçylara, şeýle hem çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çagalaryň hem-de ene-atalaryň adyndan köp sagbolsun aýdýarys!

Balkan welaýat Bereket etrap bilim müdirligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address