Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

«GURLUŞYK WE MELIORATIW MAŞYNLARYNYŇ ULANYLYŞY» ATLY OKUW KITABY OKYJYLARYNA GOWUŞDY

21.07.2026

469

«GURLUŞYK WE MELIORATIW MAŞYNLARYNYŇ ULANYLYŞY» ATLY OKUW KITABY OKYJYLARYNA GOWUŞDY

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Arazgeldi Mollaýewiň, Aýyt Annaýewiň hem-de Rejep Berdinyýazowyň, Kadyr Myradowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Gurluşyk we melioratiw maşynlarynyň ulanylyşy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby neşir edildi. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Kitap girişden hem-de «Maşynlaryň ygtybarlylygy we onuň esasy görkezijileri», «Maşynlaryň tehniki hyzmaty», «Maşynlaryň iş düzgünleri we öndürijilikleri», «Maşynlaryň ulanylyşynyň guramaçylyk esaslary», «Maşynlaryň tehniki hyzmatyny guramak» atly 5 bölümden ybarat. Täze okuw kitabynda melioratiw we gurluşyk maşynlarynyň ygtybarlylygy, olaryň bozulmalarynyň görnüşleri, sebäpleri baradaky maglumatlar berilýär. Şeýle-de ulanylyş döwründäki ygtybarlylygyny artdyrmagyň ýollaryna, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň meýilnamaly-ätiýaçlyk ulgamyna, işleýiş düzgünlerine, öndürijilikli işlemegine, ulanylyşynyň guramaçylyk hem tehnologik esaslaryna, tehnologik proseslerine degişli maglumatlar berilýär. 

Kitapda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň suw hojalyk gurluşyklarynda, melioratiw işleriniň toplumlarynda dünýäniň iň abraýly kompaniýalarynyň ekskowatorlary, buldozerleri, skreperleri we başga köp görnüşli maşynlary işleýärler. Ol maşynlar kuwwatlylygy, öndürijilikliligi, işe gaýymlygy, ygtybarlylygy, howpsuzlygy, dolandyryşa uýgunlyklary, rahatlyklary we beýleki ulanylyşa amatly häsiýetleri we ukyplary bilen tapawutlanýarlar. Melioratiw gurluşyk edaralarynyň gitdigiçe çylşyrymlandyrylýan kuwwatly täze gurluşly maşynlar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, şeýle-de olaryň guratlygynyň we amatly işledilmegini üpjün etmegiň zerurlygy tehniki hyzmatlar boýunça işleri artdyrýar. Bularyň hemmesi maşynlar parkynyň ulanylyş-bejeriş gullugynyň hemme bölümleriniň gurluşyna täsir edýän talaplary barha güýçlendirýär, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň guramaçylyk düzgünleriniň, tehniki üpjünçiliginiň, tehnologiýasynyň düýpgöter tehniki hem-de bu mesele bilen iş salyşýan hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini ýokarlandyrmagy talap edýär.

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň Melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary üçin niýetlenilýär.

Çeşmesi:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address