Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

«MALDARÇYLYKDA WE WETERINARIÝADA ZÄHMETI GORAMAK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

21.07.2026

467

«MALDARÇYLYKDA WE WETERINARIÝADA ZÄHMETI GORAMAK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň müdiri, dosent, weterinariýa ylymlarynyň doktory Töre Garlyýewiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Maldarçylykda we weterinariýada zähmeti goramak» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylar köpçüligine gowuşdy. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Täze okuw kitabynda maldarçylykda we weterinariýada ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklaryna baglylykda (weterinariýa-sanitariýa çärelerini geçirmegiň düzgünleri, mallary daňmagyň, ýykmagyň, patologo-anatomik işleri ýerine ýetirmegiň kadalary, maglumatlary ýygnamagyň düzgünleri, köpçülikleýin we şahsy gorag geýimleriniň üpjünçiligi, ot-iýmler taýýarlanylanda, tehnikalar bilen işlenilende iş howpsuzlygyny berjaý etmegiň, maldarçylyk fermalarynda we toplumlarynda ýangyna garşy göreş çärelerini geçirmegiň, önümçilikde garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda heläkçilik çekene ilkinji medisina kömegini bermegiň) düzgünleri we beýlekiler 9 sany bölümde ylmy esasda giňişleýin beýan edilýär. 

Has takygy, bu bölümlerde zähmeti goramagyň nazary esaslary, maldarçylykda işgärleriň zähmeti we dynç alyşlary, maldarçylykda önümçilik sanitariýasy we zähmet gigiýenasy, maldarçylykda, guşçulykda iş howpsuzlygy, weterinariýa-sanitariýa çäreleriniň geçirilişi, iri baldakly otlar, senaž, silos, himiki konserwantlar ulanylanda howpsuzlyk çäreleri, ýangyn ätiýaçlygynyň esasy, oba hojalygynda zähmeti goramak boýunça işleriň guralyşy, jebir çekenlere lukmana çenli kömek hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Kitapda nygtalyşy ýaly, zähmeti goramak — iş prosesiniň dowamynda işgärleriň işe ukyplylygyny we saglygyny saklamagyň ulgamy. Ol hukuk, sosial-ykdysady, guramaçylyk, tehniki, sanitariýa-gigiýenik, bejeriş-profilaktiki, reabilitasion we beýleki çäreleri öz içine alýar.

Kitap ýokary okuw mekdepleriniň weterinariýa, atçylyk, zootehniýa hünärleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan maldarçylyk pudagynda işleýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler.

Çeşmesi:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address