Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Galmyk döwlet uniwersitetinde geçirilen Olimpiadanyň netijeleri yglan edildi

25.07.2026

116

Galmyk döwlet uniwersitetinde geçirilen Olimpiadanyň netijeleri yglan edildi

Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan “Rus dili we ülkäni öwreniş” dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiada geçirildi. Olimpiada Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Taýland Patyşalygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň, Afrikanyň ýokary okuw mekdeplerinden we Türkmenistan boýunça “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň” çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, jemi 200-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdylar.  

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda Olimpiada gatnaşan rus dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa ýeňiji diýlip yglan edildi, rus dili we edebiýaty hem-de taryh hünärleriniň beýleki talyplary baýrakly II orna mynasyp boldular.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address