Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Yhlasa – myrat

03.08.2026

788

Yhlasa – myrat

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biz ýaşlar hakynda edilýän alada, arzuwlarymyzyň hasyl bolmagyna getirýär. Eziz Diýarymda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda talyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bagtyýar talyby bolmak meniň çagalyk döwrümden bäri iň uly arzuwumdy.

Men Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebini üstünlikli tamamladym. Ata-babalarymyzyň döreden “Yhlasa – myrat”, “Yhlas et, myrada ýet” diýen ýaly pähimli sözlerinden ugur alyp Ahal welaýatynyň N. Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde çeperçilik hünäri boýunça okuwy tamamladym. Şol döwürde men Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen “Bagtyýar ýaşlar gözelligiň waspçysy” atly surat bäsleşiginde III orna mynasyp boldum. Ondan soňky ýyllarda Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” bäsleşigiň çäklerinde taslama ylmy döredijilik bäsleşiginde taryh dersinden I orny eýeledim. Meniň bu gazanan üstünliklerim sungat ugrundan ýokary bilim almaga bolan höwesimi has-da beýgeltdi.

Sungata ykbalyny baglan biz ýaşlar milli gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy Watanymyzyň şu günki ösüşlerini döredýän sungat eserlerimizde wasp edip, dünýä ýüzüne ýaýmakda özümiziň goşandymyzy goşjakdygymy ynandyrýarys. Şu pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagymyz ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Nurana Kullaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň halyçylyk sungaty hünäriniň  1-nji ýyl talyby

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address