Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

 BILIM IŞGÄRLERINIŇ AWGUST MASLAHATY GEÇIRILDI

17.08.2026

537

 BILIM IŞGÄRLERINIŇ AWGUST MASLAHATY GEÇIRILDI

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da­ mil­li­ yk­dy­sa­dy­ýe­tiň­ ähli­ ugur­la­ryn­da­ uly­ ösüş­ler,­ gu­wan­dy­ry­jy we­ buý­san­dy­ry­jy­ üs­tün­lik­ler­ ga­za­nyl­ýar.­ Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny döwre­bap­laş­dyrmak­da, ­san­ly­ bi­li­mi­ has-­da­ ös­dür­mek­de,­ ýurdumyzyň nu­ra­na geljegi bo­lan ýaş­la­rymy­zyň­ ru­hy­ ah­lak,­ me­de­ni, ­aň­ bi­lim­ hem be­den taý­dan sazlaşyk­ly ösü­şi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek­de ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.­

Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­diri­len 15­-nji or­ta mek­debinde ta­ryh, jemgyýeti öwre­niş, hu­kuk, Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti ders­le­ri boýunça awgust usu­ly­-ama­ly okuw­lar gu­ral­dy. Usu­ly­-ama­ly oku­wa Balkana­bat şähe­rin­de ýer­leş­ýän or­ta mek­dep­le­riň 36­-syn­dan ta­ryh mugallymlarynyň 130­-sy gatnaş­dy. Üç gün­lük usu­ly­-ama­ly okuw­da mu­gal­lym­lar öz­le­ri­ne ber­ki­di­len te­ma­lar bo­ýun­ça tä­sir­li çykyş et­di­ler. Usu­ly­-ama­ly oku­wyň dowa­myn­da tej­ri­be­li mugallym­lar ýaş mu­gal­lym­la­ra ha­ly­pa mas­la­hat­la­ry­ny berdiler. Şeý­le hem, usu­ly-ama­ly okuw­lar­da 2026—2027­-nji okuw ýy­ly­nda ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li we­zi­pe­ler kesgit­le­nil­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň aja­ýyp kitap­la­ry ta­ryh mu­gal­lym­la­ry üçin hem baş gol­lan­madyr. Bu aja­ýyp ki­tap­lar­da beýan edil­ýän ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry, ro­wa­ýat­la­ry ta­ryh mu­gal­lym­la­ry sa­pak­la­ryn­da giň­den peý­da­lan­ýar­lar. Bu ki­taplar­da türk­men hal­ky­nyň baý geç­mi­ş ta­ry­hy dogrusyn­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. «Türk­me­nistan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-­nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy­ny» ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de taryh mu­gal­lymla­ry ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da pi­kir alşyldy. Halypa mugallymlar ýaş nesliň bilim bilen birlikde terbiýesini, başarnyklaryny ösdürmek baradaky tejribelerini paýlaşdylar. Bilim işgäriniň öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyryp, ýerine ýetirýän wezipesini, okadýan dersiniň okadylyş usulyýetini kämilleşdirmäge jogapkärli çemeleşmelidigi baradaky çykyşlar bolsa, okuwa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym­-bilimiň ösüşi ýokary derejä eýe bolýar, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şeýle beýik özgertmelere gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028­-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagyna uly ýardam edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kämilleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak her bir mugallymyň borjudyr.

2026—­202­7-nji ­okuw­ ýy­ly­ dü­şüm­li bol­sun! Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ­jan­la­ry ­sag, ­be­lent­ baş­la­ry aman­ bol­sun,­ eziz Wa­ta­ny­my­zyň­ mun­dan beý­läk­de ­gül­läp ­ös­me­gi­niň, ­hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ we­ eşretli­ dur­muş­da ­ýa­şa­ma­gynyň bäh­bit­le­ri­ne alyp bar­ýan äh­li iş­le­ri he­mi­şe­ rowaçlyk­la­ra­ bes­len­sin!­

Hemra TÄÇGYLYJOW,

Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,

ta­ryh, jemgyýeti öwre­niş, hu­kuk, Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy, dün­ýä medeniýe­ti ders­le­ri boýunça şäher usu­ly­-ama­ly okuw­laryna jogapkär.

Tel: 861-15-33-35.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address