Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Aşgabat şäherinde bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi

19.08.2026

289

Aşgabat şäherinde bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze özgertmeleriň we ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan ýurdymyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni hem ylmy ösüşleri üpjün edýän düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren bilim özgertmeleri bilimiň binýadynyň berk bolmagyny, milli bilim ulgamyny hemme taraplaýyn kämilleşdirmegi, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin kämil hünärmenleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Täze 2026–2027-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda, awgust aýynyň 17–19-y aralygynda Aşgabat şäherinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly okuwlar geçirildi.

Usuly-amaly okuwlarda Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman usullary we öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilmeli işler hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyndaöňde durýan wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ,,Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, ,,Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara, Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işler ara alyp maslahatlaşyldy, döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribelerinden çykyşlar we döredijilik sergisi guraldy.

Maýagözel Sazakowa,

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim,

terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň müdiri 

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address