Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

«Kids Ekspo» — Çagalar üçin özboluşly baýramçylyk

21.08.2026

159

«Kids Ekspo» — Çagalar üçin özboluşly baýramçylyk

Ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem uly üstünliklere beslenýär. Şu günler bu halkara sergi-ýarmarkasy öz işine badalga alyp, gyzgalaňly dowam edýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan sergi bu günki gün bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzyň kuwwatyny, ykdysady mümkinçiliklerini görkezmek bilen birlikde, çagalar we ýetginjekler üçin harytlary, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalary bir ýere jemleýän meýdança öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz: «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalara innowasion önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik dörediler. Sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine berk ynanýaryn» diýip belleýär.

19 — 22-nji awgust aralygynda giň gerime eýe bolýan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dört günläp ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirýänleri tanyşdyrýar. Sergide Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Polşanyň we ABŞ-nyň köp sanly kompaniýalary öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary taýýarlaýan, şeýle-de ýokumly iýmit garyndylaryny öndürýän kärhanalarynyň 100-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary bu halkara gözden geçirilişde uly gyzyklanma döredýär. Ol diwarlyklar ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladalaryň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýdyň görkezýär.

Gökderedäki hem-de Awazadaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sergide aýratyn diwarlyklarynyň bolmagynyň özi bu halkara gözden geçirilişiň mazmunyna özboluşly gözellik çaýyp, oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýyl ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi diýseň gyzykly we ýokary ruhubelentlikde geçdi. Çagalaryň dynç alyş möwsümlerini ýokary hilli we oňat geçirmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler sagdyn nesilleri kemala getirýär. Bu sergide her bir diwarlyk ýaşaýyş-durmuşyň özeninde bolan baldan süýji balalaryň bardygyny ýatlatsa, çagalaryň şadyýan gülküleri ýurdumyzyň belent bagtyýarlygyndan söz açýar. Ýaş nesilleriň sagdyn ösüp ulalmagy, okuwdan boş wagtlaryny, dynç alyş möwsümlerini peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler bar. Dogrudan-da, halkara gözden geçiriliş ýaşlaryň medeniýetli dynç almakda, ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini baýlaşdyrmakda, häzirki döwrüň bilim ulgamynyň sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwürmekde ähmiýetlidir.

Şol sebäpden serginiň maksatnamasynda “KIDS EXPO CHESS CUP 2026” halkara küşt ýaryşy aýratyn orun eýeleýär. Bäsleşiklerden başga-da, serginiň çäginde erkin oýun zolagy, ussatlyk sapaklary, okuw çäreleri, tanyşdyryşlar guralýar. Ýaş nesiller üçin meşhur ertekileriň, belli multfilmleriň gahrymanlarynyň keşbini döreden animatorlaryň, artistleriň dürli tanyşdyrylyş çäreleri, ýaşajyk zehinleriň ukyp-başarnyklaryny görkezýän şüweleňi, türkmen sportunyň ýyldyzlarynyň sport çykyşlary geçirilýär.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilýän sergi-ýarmarkasynyň mekdep harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlary-da bar. Bu ýerde sapaklar üçin ähli zerurlyklary — okuw esbaplaryny we gollanmalary, çagalar üçin niýetlenen mebelleri diňe bir synlap däl, eýsem, amatly bahadan satyn alyp hem bolýar.

Bu halkara çäre diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ata-enelerdir çagalar üçin hem özboluşly baýramçylyk çäresine öwrülýär. Bu halkara sergi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän beýik işleriniň aýdyň netijesi. Şeýle belent işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address