Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

BILIM IŞGÄRLERINIŇ MASLAHATY: ÝETILEN SEPGITLER-TÄZE MAKSATLAR

22.08.2026

114

BILIM IŞGÄRLERINIŇ MASLAHATY: ÝETILEN SEPGITLER-TÄZE MAKSATLAR

Şu gün Garaşsyz ýurdumyzyň bilim ulgamynda örän ähmiýetli waka-bilim işgärleriniň awgust maslahatlary geçirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem bu maslahat guramaçylykly häsiýete eýe boldy.

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçen bilim işgärleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryna bilim edaralaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, sebitiň öňdebaryjy bilim işgärleri, halypa we ýaş pedagoglar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, döwlet we halkara derejesinde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşdylar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň baýram edilýän ýylynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçen bu maslahatda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler, okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde toplanan tejribeler, hünäri kämilleşdirmekde ýetilen sepgitler, bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda amala aşyrylan işler, mekdep okuwçylarynyň umumybilim maksatnamalaryny özleşdirmekleri, körpeleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy babatdaky meýilnamalaýyn çemeleşmeler şeýle-de täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler hakynda hasabatlar hem buýsançly çykyşlar diňlendi.

Çuňňur watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleriň kemala getirilýän, täze çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň ulanylmaga berilýän, ähli bilim edaralarynyň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýan döwründe bilimiň mazmunyny we hilini ýokarlandyrmakda halkara tejribeleri öwrenmek, Alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini gollanma edinip hünärleri kämilleşdirmek, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bellenilenler bu maslahatdan gelip çykýan täze wezipeleri hem öňde goýýar.  «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda guralýan usulyýet-pedagogik we okuw-terbiýeçilik işlerini mundan beýläk hem netijeli guramagyň nazary we amaly esaslaryndan ugur almak bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris» diýen parasatly sözlerinden ruhlanyp welaýat derejesinde geçirilen bilim işgärleriniň awgust maslahatyna gatnaşyjylar mundan beýläk hem yhlasly we netijeli zähmet çekmek ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny joşgunly beýan etdiler.

Bilim işgärleriniň awgust maslahaty täze usuly-pedagogik teklipleriň öňe sürülmegi, netijeli çözgütleriň kabul edilmegi bilen guramaçylyk talaplaryna laýyklykda üstünlikli jemlendi. Bu maslahatdan gelip çykýan wezipeler geljekde täze okuw ýylynyň her bir pursadynda öz ornuny tapyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim kuwwatyny ösdürmäge goşant bolar.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address