Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Anzan mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

23.08.2026

74

Anzan mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Anzan mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Kämil bilim» we «Zehin ýoly» okuw merkezleri bilelikde gurady.

Memoriad Bütindünýä Zehin Sportlary Federasiýasynyň «Flaş Anzan Marafon» kategoriýasy boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyz boýunça 6-dan 14 ýaş aralygyndaky 120-ä golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy. Çekeleşikli geçen intellektual ýaryşyň netijeleri boýunça 24 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy, 5 sany okuwçy bolsa milli rekordlary täzelemegi başardy.

Çempionatda umumylykda iň ýokary bal toplanlaryň hatarynda birinji orny Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 9-njy orta mekdebiniň ýanyndaky internadyň 7-nji synp okuwçysy Emrah Şamuradow eýeledi. Ikinji orna Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ybraýym Kerimow, üçünji orna bolsa Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Kerim Gahrymanow mynasyp boldy. Şeýle-de, ýaş derejeleri boýunça ýene 21 okuwçy degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara eýe boldular.

Milli rekordlary täzelän ýaş zehinler:

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Weli Saparow ikili sanlary ýat tutmak boýunça täze rekord goýdy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew ýatdan kwadrat kök almak boýunça tapawutlandy.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Mekan Batyrow ýatdan köpeltmek (5x5) boýunça iň gowy netijäni görkezdi.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Rowaç Begenjow bolsa ýatdan goşmak şeýle hem iň çalt ýatdan goşmak boýunça milli rekordlary täzelemegi başardy.

Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan we milli rekordy täzelän okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de noutbuklar gowşuryldy.

Iň ýokary utuk gazanan okuwça we ony Anzan mental arifmetika maksatnamasy boýunça taýýarlan mugallymyna Wýetnama 7 günlük syýahat sertifikaty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Milli rekordlary täzelän okuwçylar bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna 5 günlük syýahat sertifikatlary bilen sylaglandylar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address