
News
75

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň ýokary derejede giňden bellenilýän «GARAŞSYZ BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT- MYRADYŇ MEKANY» ýylynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýramyň öňi syrasynda uly ruhubelentlikde we dabaraly ýagdaýda täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi döwletimiziň ýaş nesil babatynda ägirt uly ünsüniň nobatdaky güwäsidir.
Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ paýhasly ýörelgeleri esasynda hem-de ARKADAGLY GAHRYMAN PREZIDENTIMIZIŇ ýolbaşçylygynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bagtyýar çagalaryň we nurana arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda ýaş nesliň asuda we abadan durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işleriň biri hem şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew geňeşliginde täze döwrebap orta mekdebiniň açylyş dabarasynyň geçirilmegidir.
Bu orta mekdepde ýaş neslimiz bilen okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki zaman esaslarynda alnyp barylmagy, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, sazlaşykly terbiýelenmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini buýsanç bilen bellemelidiris.
Şu ajaýyp dabaraly günde bize bildirilýän beýik ynam üçin GAHRYMAN ARKADAGYMYZA , ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZA çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!
Bilim binýadyny beýge galdyrmakda, belent işleri halkyna peşgeş beren TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!