Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Goşa şatlygyň bagtyýarlygy

01.09.2026

82

Goşa şatlygyň bagtyýarlygy

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy deňsiz-taýsyz ösüşleri bilen guwandyrýar. “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli geçirilen dabaralara halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen gatnaşmagy hem muňa aýdyň mysaldyr.

     Garaşsyzlyk ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyzda nesil sagdynlygy, halkyň abadançylygy we durmuş üpjünçiligi barada gaýragoýulmasyz çäreler amala aşyrylýar. Gün-günden abraýy artýan ata Watanymyz halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalary durmuşa ornaşdyrýar. Bu zatlaryň barysy ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýşy, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine gönükdirilýär. Çünki, abadan durmuşda ýaýnaýan neslimiziň bilim alyp, ylym öwrenmekligi, milli däpleri dowam etdirip, dünýäniň ösen siwilizasiýasyna goşulmagy mähriban Watanymyzyň beýik geljegini gurujylaryň şu günki baş wezipesi bolup durýar.

    Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän alada bimöçberdir. Ähli mümkinçilikleri döredip goýlan mekdepler, döwrebap çagalar baglary, merkezleşen gory baý kitaphanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri bu aladalaryň gözbaşydyr. “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda 400 orunlyk, Farap etrabynyň Bozaryk geňeşliginiň Garamyş obasynda 600 orunlyk orta mekdepleriň açylmagy çagalaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Asuda asmanyň astynda, parahat Watanda okap, bilim alýan nesilleriň ähli mümkinçikleri döredilen ak mekdeplerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda täze okuw ýylyna başlamagy bagtyýarlygyň çür başy boldy. Täze okuw ýylyny başlaýan çagalaryň öňünde hormatly il ýaşululary we kümüş saçly enelerimiz gutlag sözleri bilen çykyş etdiler, bagtyýar zamanada bilim alýan ýaşlaryň geljekde hakyky watançy, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet işgärleri aýdym-sazly çykyşlary bilen gatnaşyjylaryň göwünlerini hoşladylar. Soňra döwrebap mekdep binasynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

    Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen ilkinji jaň dabarasyna täze mekdebe ilkinji gezek gadam basan okuwçylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olar Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan “Bilimli” noutbuk kompýuterleri uly joşgun bilen kabul etdiler. Soňra myhmanlar mekdep binasynyň döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglaryna aýlandylar. Täze mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar abadan durmuş we ak mekdeplerde bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek alkyşlaryny beýan etdiler. 

Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni

Mähri Hudaýberdiýewa

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address