Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Garaşsyzlykdan görk alýan gül-gunçalar

02.09.2026

27

Garaşsyzlykdan görk alýan gül-gunçalar

Galkynyşly döwrümize şan getiren ýyllar ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyny görkezýär we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň şan-şöhratyny beýge galdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygara beslenen 2026-njy ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy giňden bellenip geçilýär. Bedew batly ýyllaryň kerwen gurap geçýän hatary halkymyzy beýik ýeňişlere, belent sepgitlere ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak beýik gymmatlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pähiminden ugur alyp, ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, berkarar Watanymyzda giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir röwşen güni ajaýyp zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara, toýdur-baýramlara beslenýär. Ynha, şu gün hem, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesinde dünýäniň iň kämil innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen, körpeleriň okap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredilen 240 orunlyk ajaýyp çagalar bakja-bagy gurlup ulanylmaga berildi.

Türkmenistan Diýarymyzda çagalaryň söýgi we mähirlilik gurşawynda sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilen.

Watanymyzyň ähli künjeginde gurlup ulanylmaga berilýän mekdepdir çagalar baglarynyň, sport meýdançalarynyň, stadionlarynyň sanynyň köpelmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň hilini düýpli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Watanymyzyň sagdyn geljeginiň kepili bolan körpe neslimiziň bilim we terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiziň sagbolsunlarymyzy aýdýarys, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin türkmen halkymyzy Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly         35 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

Daşoguz şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi,

“Iň göreldeli terbiýeçi-usulyýetçi” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi

Abdyweliýewa Mähri

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address