Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Olimp orta sport mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

01.09.2026

477

Olimp orta sport mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

Bilşimiz ýaly her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri guralyp ilkinji jaň kakylyp täze ― 2026―2027-nji okuw ýylyna badalga berildi.

Şeýle baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde hem geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlagynda: "Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar" diýip, belleýär. 

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Olimp orta sport mekdebinde geçirilen baýramçylyk çäresinde "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda" ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen sport ýaryşlarda ýeňiji bolan okuwçy türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilkler we şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”

orta sport mekdebiniň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address