Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi

Ýokary netije we altyn medal!

11.09.2026

144

Ýokary netije we altyn medal!

         Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak ugrunda taryhy işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan yzygiderli sport syýasaty we halkara derejesindäki ýokary aladalary netijesinde türkmen sportunyň şan-şöhraty dünýä meýdançalarynda barha belende galýar.

      Muňa nobatdaky aýdyň subutnamalaryň biri hökmünde, mekdebimiziň bedenterbiýe mugallymy Gurbannazar Kakajayew halkara sport äleminde gazanan uly üstünligini görkezmek bolar. Ol 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda  Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçirilen Olimpiýa çempionlary Andreý Abduwaliewiň we Dilşod Nazarowyň baýraklary ugrundaky halkara ýaryşynda ýadro zyňmak görnüşi boýunça bäsleşip, 16.50 metr netije bilen I orny eýeledi we altyn medalyň eýesi boldy.

Mugallymymyzyň bu şanly ýeňşi ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil sportçy bolup ýetişmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň sport baradaky taýsyz aladalarynyň netijesidir. Gurbannazar mugallymyzy mekdebimiziň adyndan bu ajaýyp ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa täze sport üstünlikleri gazanmagy arzuw edýäris!

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address