Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

BILIM BOÝUNÇA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI АLYMLARYŇ WE MUGALLYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE

19.09.2026

81

BILIM BOÝUNÇA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI АLYMLARYŇ WE MUGALLYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Wajyp meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly alymlar we bilim işgärleri hem onlaýn görnüşinde gatnaşyp, çykyşlary etdiler. Ylmy-amaly maslahaty Russiýanyň Tebigy bilimler akademiýasynyň (RANH) professory hem-de Alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň Halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kirill Aleksandrowiç Bizenkow alyp bardy.

Bu ylmy-amaly maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, usulyýetçi alymlary gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar halkara we pudagara aýratynlyklaryny — didaktikadan we ruhy-ahlak biliminden başlap, bilimiň sanlylaşdyrylmagyna we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň lukmançylyk taýýarlygyna çenli häzirki döwrüň wajyp meseleleri barada nygtap bellediler. Gozgalan şol möhüm meseleleriň çözgüdiniň ylmy we usulyýet esaslaryny beýan ediler hem-de meseleleri çözmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K. Durdyýewiň hem-de şol institutyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy  işgäri A.S.Sähetmyradowanyň «Türkmenistanyň mekdeplerinde geografiýa biliminde döwrebapsanly tehnologiýalary ulanmak» atly çykyşy, şeýlehem S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tokaý hojalygy we tokaý seýilgählerini dolandyrmak kafedrasynyň mugallymy, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär G.A.Allakuliýewanyň «Bezeg bagçylygy» okuw dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen temalarda eden täsirli çykyşlary ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanmany döretdi. Bu maglumatlar umumy orta bilim berýän hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy dialoglarda özara hyzmatdaşlyk etmekleri we Russiýadan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gatnaşan kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklary dogrusyndaky meseleleri öz içine aldy.

Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar häzirki zaman bilimiň esasy ugurlaryny öz içine aldy: emeli aň intellekti bilim-terbiýeçilik we ylmy işlere ornaşdyrmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde bilimi sanlylaşdyrmak, okatmagyň ruhy-ahlak esaslaryny berkitmek we lukmançylykdan oba hojalygyna çenli dürli ugurlarda okaýanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim-ylym ulgamynda halkara hymatdaşlygyny işjeňleşdirmek.

Şeýle halkara platformalary öňdebaryjy tejribeleriň alyş-çalşyny hem-de alymlaryň we mugallymlaryň arasynda täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, şonuň ýaly-da ýurtlaryň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we yzygiderli kämilleşdirmegi üpjün edýär. Munuň özi bolsa, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan kesgitlenen bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyklykda dörebaplaşdyrmak babatyndaky anyk maksatlara we aýdyň wezipelere laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Milli Bilim Instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address