Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

14 ˗ 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

24.10.2024

157

14 ˗ 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.

Forumy guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralaryň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara forum tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýurdumyzyň we düýäniň ençeme döwletleriniň innowasiýalar, «akylly» tilsimatlar we telekommunikasiýa ugry boýunça gazanan üstünliklerini görkezer.

Emeli aňyň barha giň täsire eýe bolandygy nazara alnyp, emeli aň tehnologiýasynyň ösüşi babatynda tejribeler we pikirler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde täze sanly taslamalar hödürlener.

Işewürlik hyzmatdaşlyklary ýola goýlup, şertnamalar baglaşylar.

IT-tehnologiýalaryndan baş alyp çykýan türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze sanly çözgütleriň netijeleri yglan edilip, «Sanly çözgüt - 2024» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşiginde ýeňiş gazanan ýaşlar gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanar.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolynyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Çeşme: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address