Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket ulanmaga berildi

14.12.2023

125

Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket ulanmaga berildi

Düýn — 13-nji dekabrda paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze bekediň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramyna özboluşly sowgat boldy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli täze bekediň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen ýangyç guýujy beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir.

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işgärleriniň we hünärmenleriniň bilelikdäki zähmeti netijesinde gurlup ulanmaga berlen beketde awtoulaglara dürli görnüşli ýangyçlary guýmak hyzmaty bilen bir hatarda, ýangyç howpsuzlygy kadalaryny berk berjaý etmek üçin hem mümkinçilikler döredilipdir.

Beketde awtoulaglara guýulýan ýangyjyň möçberi, ýerine ýetirilen işler boýunça hasabatlar, degişli seljermeler ýöriteleşdirilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa işleriň talabalaýyk guralmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýangyç guýujy bekediň bina edilmeginde has tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Soňra täze beket awtoulaglara hyzmat edip başlady. Desganyň özboluşly binagärlik aýratynlygy, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, ýangyç guýujy enjamlaryň ýerleşdirilişi bu ýerde degişli hyzmatlaryň göwnejaý amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address