Aşgabat
Täzelikler
59
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy H.Muhammetgulyýewiň «Akkordeon üçin eserleriň ýygyndysy» atly okuw gollanmasy (A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan) çapdan çykdy. Okuw gollanmasy türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerinden, akkordeon saz guraly üçin täzeden işlenilen türkmen halk sazlaryndan ybarat bolup, ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleri we sazçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenendir.
Okuw gollanmasy akkordeon saz guralynyň taryhy we bu saz guralynyň gurluşy barada giňişleýin söz açýan giriş bilen başlanýar. Bulardan başga-da, girişde Türkmenistanda akkordeon we baýan hünärleri boýunça hünärmenleri taýýarlamakda zähmet çeken birnäçe mugallymlaryň, akkordeon saz guralynyň sazandarlygynda aýdym aýdan we onda ýerine ýetiren belli türkmen aýdymçylarynyň atlary buýsanç bilen ýatlanýar. Girişden soňra bu ýygyndyda ýerleşdirilen sazlaryň içinde gabat gelýän şertli belgileriň düşündirilişi üç sany türkmen, iňlis we rus dillerinde görkezilýär.
«Akkordeon üçin eserleriň ýygyndysy» atly okuw gollanmasynda H.Muhammetgulyýewiň akkordeon saz guraly üçin işlän N.Halmämmedowyň «Prelýudiýa», «Ballada», «Dutaryň owazy», B.Hudaýnazarowyň «Älemgoşar», R.Nepesowyň «Näzlim», A.Abdullaýewiň «Bahar tansy», Ç.Nurymowyň «Ekspromt-fantaziýa», I.Haýdarowyň «Ene», A.Agajykowyň täzeden işlän «Durdy bagşy» (türkmen halk sazy), türkmen halk sazy «Söýli halan», «Ýylgaýlar», Ý.Nurgeldiýewiň «Pyragy», G.Kulyýewiň «Konsertino», G.Kulyýewiň hem-de S.Mämiýewiň «Türkmen temalaryna fantaziýa», şeýle-de T.Ýuzeýewanyň akkordeon üçin işlän N.Halmämmedowyň «Elegiýa», «Rondo» («Pursatlar», üçünji depder), «Dutar» («Türkmenistan» simfonik şekilleri, IV bölüm), «Elegik prelýudiýa we fuga» (Ý.Hudaýberdiýewe bagyşlanan), W.Abaýewanyň «Ýaz etýudy» (Çagalar sýuitasyndan) ýaly birnäçe sazlary ýerleşdirilen. Bulardan başga-da, H. Muhammetgulyýewiň G.Babaniyazowa bilen bilelikde akkordeon üçin işlän B.Hudaýnazarowyň «Tokkata», şeýle-de M.Batyrow bilen bilelikde işlän Ö.Gandymowyň nota geçiren «Durdy bagşy» türkmen halk sazy we jemleýji eser hökmünde D.Nuryýewiň akkordeon üçin konserti bu ýygynda goşulandyr.
Bu okuw gollanmasy diňe bir akkordeon saz guralynda çalmak boýunça bilim alýan talyplara däl-de, eýsem, şol guralyň taryhy, ýerine ýetiriş aýratynlyklary bilen içgin gyzyklanýan sazşynaslara we mugallymlara hem gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024