Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Filippinler Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk

10.12.2024

136

Filippinler Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri – Tähran şäheri) Roberto G. Manalo bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň rektory Gülşat Ýusupowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Ilçi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini belledi. Aýratyn-da iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan tagallara ünsi çekdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň rektory G. Ýusupowa institutyň döredilmeginiň taryhy, gurluşy, kafedralaryň alyp barýan işleri, halkara hyzmatdaşlygy we institutda hereket edýän okuw we ylmy merkezler barada gürrüň berdi. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Filippinler Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin birnäçe teklipleri öňe sürdüler.

Maral KARLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

Çeşmesi: Halkara gatnaşyklar instituty

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly