Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk instituty

Webinar-maslahaty

22.02.2025

644

Webinar-maslahaty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Tatarystan Respublikasanyň Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň Inženerçilik ekologiýasy kafedrasynyň dosenti Drýahlow Wladislaw Olegowiç hem-de şol kafedranyň dosenti Sanatullaýewa Zemfira Talgatowna bilen webinar maslahaty geçirildi. Webinar maslahaty “Ýerli sorbentleri ulanmak bilen duzly suwlary arassalamak” barada geçirilip, professor-mugallymlaryň arasynda iki taraplaýyn sorag-jogap alyşdylar.

Webinar maslahatynda çykyş edenler, ekologiýa we şor suwlar bilen bagly ählumumy meseleler babatda dünýä tejribesini öwrenmek esasynda ýerli sorbentleri ulanmak arkaly suwlary arassalamak boýunça maglumatlar barada pikirler aýdyldy.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge ekologiýa bilimi barada çuňňur öwrenmäge döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024