Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Hoş gelipsiň Nowruzym - eziz diýara

16.03.2025

689

Hoş gelipsiň Nowruzym - eziz diýara

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen  Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň  Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky şahamçasynyň   bilelikde Halkara nowruz baýramçylygyna bagyşlap “Hoş gelipsiň Nowruzym-eziz diýara” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede çykyş eden kitaphana hünärmenleri Halkara Nowruz baýramynyň taryhybarada we  bu baýramda ata-babalarmyzdan bize  miras bolan  däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, dini-ynançlarymyz   barada giňişleýin gürrüň  berdiler. Bu baýramçylyk  çäresi esasan hem talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar. Şeýle hem Nowruz baýramy we Bahar pasly barada ýazyjy şahyrlaryň goşgularyndan  talyplaryň ýerine ýetirmeginde labyzly goşgy okamak arkaly dowam etdirildi. Arkadagly  Gahryman  Serdarymyz: “Galkynyşyň gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolan  Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýeti  bolupdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlar giňden berjaý edilipdir. Merdana pederlerimiziň Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen nesilleri Watana wepalylyk, tebigata, durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler ”  diýip örän jaýdar belläp geçýär.

Bu baýramçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty “Halkara Nowruz güni” diýilip yglan edildi. Nowruz baýramçylygynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halkara derejede ähmiýetli bolan bu baýram dünýäde medeni-ynsanperwer ýörelgeleri kämilleşdirmäge, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu çäräniň dowamy Nowruz baýramy mynasybetli konserwatoriýanyň talyp-ýaşlarynyň ýerineýetirmeklerinde aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Däp bolşy ýaly türkmen halkymyzda Nowruz saçagynda dürli we tagamly nygmatlar, köpdürli naharlar bilen bezemek dessury gadymdan bäri dowam edýär. Bu baýramçylykda esasan hemsemeni, palaw, süýtl i aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy ýaly tagmlary goýýarlar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyňgülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

Nuryýewa Maral,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli

konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly