Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan okuw geçirildi

20.04.2025

73

Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan okuw geçirildi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylyň 26-njy martynda döredilipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän şu ýylda bu Milli jemgyýet döredilmeginiň 99 ýyllygyny belleýär. Şu ýagdaý mynasybetli ýaş nesliň gatnaşmagynda aksiýalar, bäsleşikler we çäreler geçirilýär. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde “Adatdan daşary ýagdaýlarda dörände goramak” hünäriniň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüm işgärleriniň we meýletinçileriň gatnaşmagynda biz talyplara, ýaş hünärmenlere türgenleşik meýdançasynda ýer titreme, suw joşguny, sähra ýangyny, sil gelme we toprak süýşmesi ýaly adatdan daşary tebigy ýagdaýlar bilen tanyşdyrdylar. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp baryş kadalaryny öwretdiler, şeýle hem lukmandan owal ilkinji kömegi bermek boýunça amaly tälim berdiler. Alnan bilimleri netijeli berkitmek üçin, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri biz ýaşlara hakyky betbagtçylykly ýagdaýlara mümkin boldugyça meňzedilen emeli maşklary ýerine ýetirmäge çagyrdylar. Hünärmenleriň gözegçiligi astyndaky geçen okuw we amaly sapaklarda täze ýetişen ilkinji kömek hünärmenleri gyssagly çäreler toplumynyň üstünde işlediler. Bularyň arasynda adaty däl ýagdaýlara baha bermek ukyby, ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmek endikleri, gan akmany duruzmak, ýarany daňmak we ş.m. endikler bar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý toparynyň wekilleriniň pikiriçe, işjeň ilkinji kömek diňe bir nazary bilimi däl, eýsem yzygiderli tejribäni hem talap edýär. Adaty bolmadyk ýagdaýa düşeniňde, özüňi howsala aldyrmazlyk, ejir çekenlere kömek etmek we, belki, biriniň janyny halas etmek üçin başlangyç okuwy geçmeli. Şonuň üçin ilaty ilkinji kömek usullary boýunça taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehnikiorta hünär okuw mekdebiniň “Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak” hünäriniň 101-nji okuw toparynyň talyplary, ders mugallymy Ý.Röwşanowa

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024