Aşgabat
Täzelikler
113
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Habib Halmamedowdan, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Şöhrat Bäşimowdan we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy Arslan Matkarimowdan ybarat bolan türkmen wekiliýeti, Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmege bagyşlanan maslahata gatnaşýar. Bu halkara maslahaty Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçmek bilen, oňa ýokary okuw mekdepleriniň, milli bilim edaralarynyň, Milli Erasmus+ Milli edaralaryň, halkara guramalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň esasy maksady: halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak; halkara akademiki hyzmatdaşlygyny netijeli ýola goýmak we goldamak üçin mümkinçilikleri döretmek; okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak; Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň akkreditasiýa standartlaryna laýyk gelýän bilelikdäki akademiki meýilnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri ösdürmek; ylmy-barlag işleriň ukybyny artdyrmak; bilelikdäki tekliplere, neşirlere we innowasion usulyýetleriniň integrasiýasyna gönükdirilen bilelikdäki gözleg başlangyçlaryny güýçlendirmek; okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek: Merkezi Aziýa sebitiniň ýokary biliminiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen gibrid görnüşindäki okuwlar bilen innowasion pedagogiki çemeleşmeleri girizmek we güýçlendirmek; akademiki hereketliligini we global başarnyklaryny ýokarlandyrmak; halkara gatnaşyklary ýeňilleşdirýän alyş-çalyş maksatnamalaryny we ikitaraplaýyn şertnamalary öwrenmek, durnuklylygy we ýaşyl endikleri ösdürmek; ösüşi we daşky gurşawy goramak temalaryny okuw meýilnamalaryna we gözleg taslamalaryna girizmek.
Maslahatda garaşylýan netijeler: kämil halkara hyzmatdaşlyk ukyplary; okuw meýilnamasyny döwrebaplaşdyrmak, gözleg ukybyny ýokarlandyrmak, tejribäni we pedagogikany kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlykda üçin bilim edaralaryň mümkinçilikleri güýçlendirmek, bilelikdäki gözleg we bilim başlangyçlary arkaly daşky gurşaw we durnuklylyk ukyplaryny ösdürmek.
Maslahata gatnaşyjylar taslamalaryň gazanylan netijelerini gorap saklamagyň we uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlygyň görnüşlerine geçmegiň zerurdygyny bellediler we ileri tutulýan ugurlar hökmünde bilelikdäki bilim maksatnamalary, akademiki hereketlilik we işgärleriň durnuklylygy, bilelikdäki gözleg başlangyçlaryny ösdürmek, maksatnamalaryň hilini kepillendirmek we durnuklylyk, sanlylaşdyrma we innowasion ösüşi ýaly ugurlary kesgitlediler. Halkara maslahatynyň işiniň netijelerine laýyklykda degişli kararnama kabul ediler.
Habib Halmamedow
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024