Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Halkara tejribelerde täze sahypa

24.04.2025

125

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Halkara tejribelerde täze sahypa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen we hormatly Prezidentimizi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda dünýäniň ähli döwletleri bilen ygtybarly we döwletara gatnaşyklary ýola goýmak bilen, strategik hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge we medeni, ylmy hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu syýasy strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda bolsa “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalardyr forumlar we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalar aýdyň subutnamadyr. Ýurdumyzyň öňe sürýän bu syýasy strategiýasy türkmen halkymyzyň we ýaş nesillerimiziň halkara tejribe edinmeklerine we milli strategiýamyza ornaşdyryp, geljekki ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilik açýar. Elbetde, Watanymyzyň geljegini ýaş nesillerde görýän we bil baglaýan Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda badalga berilýän umumyadamzat ähmiýetli taslamalar we ýaşar babatyndaky aladalar bu gün milli Konstitusiýamyzyň we hukuknamalarymyzyň özenidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda yzygiderli geçirilýän halkara olimpiadalardyr forumlar we duşuşyklar dünýäde halklaryň arasynda parahatsöýüjilik gatnaşyklaryny berkitmäge, ynanyşmagy we halkara gatnaşyklary parahatçylyk ýol bilen ösdürilmegine giň goşant goşýar. Galyberse-de ýurduň gazananlaryny we ösüşlerini ýaýbaňlandyrmakda we dünýä derejesinde görkezmek bilen nusga bolup durýan Watanymyz bu günki günde dumly-duşdan myhmanlary garşylaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan döwründe ýene-de nusgalyk gurşawy döretýän wakalaryň biri-de mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasydyr. Ýokary derejeli we aýdym-sazly dabara bilen badalga berlen bu olimpiada 21-26-njy aprelinde dünýäniň 15 döwletinden 200-den gowrak mekdep okuwçylary we mugallym-topar ýolbaşçylary gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olimpiadanyň çygrynda myhmanlar Aşgabat şäherimizi etekläp oturan seýilgählerdir muzeýlere, söwda dynç alyş merkezlerine we medeni-taryhy ýadygärliklere aýlanyp görülmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa türkmen topragynyň gözelliginden lezzet almaga, türkmen naz-nygmatly tagamlaryndan datmaga we gözel paýtagtymyzyň ajaýyp taryhy-medeni ýerlerine gezelenç edip, medeni aýratynlyklarymyzdan täsin duýgulary almaga giň mümkinçilik döretýär. Myhmansöýerligi bilen dünýäni haýrana galdyrýan Watanymyzda eýýäm däbe öwrülen halkara forumlar, olimpiadalar we duşuşyklar döwletleriň arasynda dost-doganlyk we goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Diňe bir biziň döwletimiz däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlar hem dünýäniň beýleki künjeklerinden ukyp-başarnyklaryny synamaga gelen myhmanlar bilen içgin söhbetdeş bolup, özleriniň bar bolan tejribelerini paýlaşyp şahsy bilim gorlaryny kämilleşdirmeklerine täsir edýär. Bularyň ählisi bolsa parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklaryna pugta eýerýän Watanymyzda halkara tejribeli, ylymly, bilimli ýaşlary kemala getirmekde alnyp barylýan atalyk aladalardan nyşandyr.