Täzelikler
768
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli bilim syýasatynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin kämil hünärmenleri taýýarlamaga, şu günüň we geljegiň talaplaryndan ugur alyp, hünär bilimini, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda okuwlaryny tamamlap, önümçilige işe ýollanan hünärmenleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň, şeýle-de täze açylýan hünärlerdir taýýarlyk ugurlarynyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resmi iş kagyzlaryny kabul etmek işine badalga berildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlaryny kabul etmek welaýat merkezlerindäki degişli orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki ýokary okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary bolsa her orta hünär okuw mekdebiniň çäginde kabul edilip başlandy.
Ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edildi, maliýe-ykdysady ugurly hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine bolsa resmi iş kagyzlary 2025-nji ýylyň 14 -nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul ediler.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyby, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär.
Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 4 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 5, magistr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlyk ugry açylar.
Ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji ýokary hünär bilimi edarasynyň — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi täze okuw ýylynyň esasy aýratynlygy boldy.
— Giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmak barada degişli tabşyryklary berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyndaky Permanyna laýyklykda makullanyp, täze döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine şu ýyl 500 talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Şanly ýylda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça binagärlik, binagärlik gurşawynyň dizaýny, senagat we raýat jaý gurluşygy, gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy, agronomçylyk, azyk önümleriniň tehnologiýasy, weterinar lukmançylygy, senagat balykçylygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (telekeçilikde), işewürlik we telekeçilik, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar, halkara işewürlik, işewürligi dolandyrmak, işewürlik hukugy ulaldylan topar boýunça taýýarlygyň ugurlaryna talyplyga kabul eder. Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda, türkmen we iňlis dillerinde geçiler. Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamalary boýunça okuw) deň bolar.
«Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan‑gyzlardyr» diýip, olary ezizleýän Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlary Watanyň daýanjyna deňäp, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri, durmuşda öz orunlaryny tapyp, Watanymyza hyzmat etmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumlary oňuna bolsun.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.