
Täzelikler
529

Aşgabatda 29-njy awgustda «Bilim ulgamynda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça ÝUNESKO institutynyň (ИИТО) bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä dünýäniň 25 ýurdunyň takmynan 100 sany öňdebaryjy hünärmeni gatnaşyp, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda emeli aňyň (EA) möhüm ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahat, emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly tejribeleriň hem-de iň gowy amaly usullaryň alyşylýan möhüm meýdançasyna öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylar — ministrlikleriň wekilleri, halkara guramalar, alymlar, mugallymlar, şeýle-de IT pudagynyň bilermenleri — BMG-niň «Geljek üçin ylalaşyk» we «Bütindünýä sanly şertnamasy» ýaly ählumumy başlangyçlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenip berdiler.
Plenar mejlislerde we panel maslahatlarynda aşakdaky esasy mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy:
Maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň we onuň çäklerinden daşardaky bilim ulgamynyň ösdürilmegine güýçli itergi berjek möhüm ähmiýetli netijeler bilen jemlendi.
Bu çäre hünärmenleriň arasynda yzygiderli bilim alyşmak üçin halkara tor ulgamly platformanyň döredilmegine hem ýardam etdi. Alnan netijeler Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda edýän tagallalarynyň subutnamasydyr.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalarynyň hemmeler üçin inklýuziw, adalatly we hil taýdan ýokary bilim gurşawyny döretmekde güýçli gurala öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Bu waka, bilimde innowasiýalaryň we ählumumy hyzmatdaşlygyň kömegi bilen hemmelere elýeterli bilim ulgamyna tarap möhüm ädim boldy.
Maslahatyň jemleýji çykyşlarynda gatnaşyjylar çäreniň ýokary derejede guralandygy we geçirilendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler. Aýratyn minnetdarlyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ylym-bilimi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlara şahsy goşantlary we yzygiderli goldawlary üçin beýan edildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň öňdengörüjilikli syýasatynyň bilim ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna amatly şertleri döredýändigini nygtap geçdiler. Bu bolsa durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde möhüm açar hökmünde çykyş edýär.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.