
Täzelikler
653

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär.
Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Çary Nurymow adyndaky 6-njy orta mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli Baýramaly şäher bilim bölüminiň hem-de şäheriň orta mekdepleriniň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Bilimleriň çeşmesi bolan kitap bilen baglanyşdyrylyp geçirilen bu çäre okuwçylaryň ýerine ýetirmeginde “Bitaraplyk – bagtym meniň” atly sazly çykyşlar bilen başlandy. Döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan peýdalanyp, bilim alýan ýaşlar öz çykyşlarynda geçmişi şu gün bilen baglanyşdyrýan köpri bolan kitabyň durmuşymyzdaky mynasyp ornuny açyp görkezdiler. Watanymyzyň kalbymyza salýan heýjana suwy süýji çeşmeler kimin aka-aka şahyr kalplarda joşa öwrülýändigini kitapsöýüjileriň ýerine ýetirmegindäki “Bitarap diýarym – Türkmenistanym” atly çykyşda öz beýanyny tapdy.
“Paýhas çeşmesi” kitabyndaky dürdäne setirleri ýatdan aýtmak boýunça guralan bäsleşik dabaranyň gyzykly pursatlaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerindäki rowaýatlardan ýerine ýetirilen sahnalar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Ýaşlaryň şowhunly çykyşlaryna tomaşa eden bilim bölüminiň hünärmeni Aknabat Şyhyýewa Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bilim syýasatynyň esasy wezipelerinden ugur alnyp, ösen medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, beýik Garaşsyzlygyň, baky Bitarplygyň gadyr-gymmatyna birkemsiz düşünýän taryhy geçmişimize, edebi mirasymyza, milli medeniýetimize ýokary derejede sarpa goýýan ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň her biriniň bilim işgärleri üçin gymmatly gollanmadygyny aýtdy.
Çäräniň çäklerinde myhmanlar türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary bolan edebi mirasymyz, nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserleri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň gymmatly kitaplary ýerleşdirilen kitap sergisini hem synladylar.
Ejebaý Poladowa,
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki
1-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.