
Täzelikler
606

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Bu babatda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hyzmatdaşlygyny barha pugtalandyrylmak esasynda bilelikde amala aşyrylýan taslamalar bellärliklidir.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek babatynda hem Türkmenistan ýurdumyzda saldamly goşandyň goşulýandygyny nygtamak gerek. Bu maksatlaryň iň möhümleriniň biri bolan ýokary hilli bilimi üpjün etmek babatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem uly işler alnyp barylýar. Bu gün hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çynar Rüstemowa, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlon, ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýa Respublikasynyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynyň direktory Fabrizio Rikiardelin, Westminster uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Endrýuw Lin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Haljanow, ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Žan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň italýan dili mugallymy Jowanna Farçi ýaly hormatly myhmanlar, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor mugallymlardyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň eýwanynda guralan sergi daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüni çekdi. Köp adamly bolan serginiň Garaşsyz, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanmagy bu dabaraly maslahata aýratyn öwüşgin berdi. Ýokary okuw mekdebiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gazanan halkara derejesindäki üstünlikleriniň medallarynyňdyr şahadatnamalarynyň giňden şöhlelendirilmegi bolsa bilim ulgamyndaky gazanylan beýik üstünlikleriň beýany bolup hakydalara hemişelik ornaşdy. Bilim ulgamynyň beýik üstünlikleriniň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň beren miweleridir.
Sergiden soňra halkara maslahat Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda öz işini dowam etdi. Maslahatyň açylyş dabarasyndan soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kuliýewa giriş sözüni beýan etdi. Ähli çykyş edenleriň hem belleýşi ýaly, Durnukly ösüş maksatlary üçin okatmagyň usulyýetleri we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary we täze usullary peýdalanyp, bilim ulgamyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bu, täze usulyýetleriň we tehnologiýalaryň ulanylmagyny, ilkinji nobatda sanlylaşdyrmagy hem-de her bir talyp üçin aýratyn çemeleşmegi öz içine alýar. Munda esasy wezipeler okatmagyň usulyýetini innowasiýalar esasynda kämilleşdirmekden, okatmagyň mazmunyny we ýollaryny gowulandyrmakdan, iş ýüzünde ähli talyp üçin aýratyn çemeleşmeleri üpjün etmekden ybaratdyr. Okatmakda we öwrenmekde innowasiýalaryň we täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, döwrebap bilimiň we tejribäniň möhüm bölegi bolup durýar. Okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, ýokary hilli we umumy bilim almak üçin şert döretmek üçin bolsa, köp sanly usullaryň we programma üpjünçiliginiň ulanylmagy gerek. Bu işler amal edileninde bolsa, umumy bilim almak üçin zerur şert döredýär we adam maýasynyň ösdürilmegine kömek edýär.
Nygtalyşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň bilim ulgamy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Milli maksatnamalarymyzyň halkara maksatnamalara doly laýyk gelýän bilim ugurly başlangyçlary hem çalt depginler bilen durmuşa geçirilýär. Bu aýdanlarymyzy bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Durnukly ösüş maksatlary üçin okatmagyň usulyýetleri we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler aýdyňlygy bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr” diýen sözlerinden ugur alyp, bilime teşne, ylyma yhlasly ýaşlary ylym-bilim dünýäsine aralaşdyrmak we kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dünýäniň ençeme baýry ýokary okuw mekdepleri bilen gol çekilen ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň çäklerinde ägirt uly maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Uniwersitetde hereket edýän “Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady” atly ÝUNESKO kluby tarapyndan alnyp barylýan işler hem ýaşlaryň aňynda milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy kemala getirmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Halkara Maslahatyň dowamynda “Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini çaltlandyrmak (AELLCA)” maksatnamasynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine Westminster uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi ýörite şahadatnama gowşurdy. Bu hem ýer ýüzünde we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde köp dilli diplomatiýany dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan mynasyp goşandyň goşulýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda “Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi” yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etmegi hem biziň ýurdumyzda diller syýasatynyň giňişleýin durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dürli hünärler boýunça bilim alýan talyplaryň ählisiniň-de iňlis dilinde okadylmagy biziň aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär.
Çykyşlaryň dowamy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň “Owaz” aýdym-saz toparynyň we “Dostluk” tans toparynyň işjeň agzalarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Aýdym-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly döwrümiziň waspy belentden ýetirildi.
Halkara Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite guramalary bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF ýaly guramalar bilen halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.