
Täzelikler
444

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara gatnaşyklaryny ýokary derejede ösdürmek babatynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleri taryhymyzyň altyn sahypasynda ýatdan çykmajak wakalar bilen baýlaşdyrylýar.
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de bu taryhy wakanyň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen tegelek stoluň başynda halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylda ýola goýlup, geçen döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň binýady dogrusynda giňişleýin pikirler beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen – Italýan işewürlik maslahatyna gatnaşyp taryhy söz sözlemegi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da jebisleşmeginde alnyp barlan beýik işler hakynda buýsançly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde Rimiň iň gadymy muzeýleriniň biri bolan Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisi barada gymmatly maglumatlar beýan edildi.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.