
Täzelikler
444

Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynyň 20-28-si aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň gurnamaklarynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň döwrebap binýadynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlar geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen geçýän ýylymyzda gurnalan bu usuly-amaly okuwlar biz – mugallymalar üçin juda netijeli we ähmiýetli boldy.
Usuly-amaly okuwlar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň alyp barmagy bilen, Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde geçirilip, onda bilim ulgamynyň birnäçe ugurlary boýunça okatmagyň uly göwrümli informasion çeşmelerini hödürlediler. Mysal üçin, ýurdumyzyň pedagog işgärleri umumybilim edaralarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň inklýuziw okuwy, häzirki zaman şertlerinde umumybilim edaralarynda bilimiň hiliniň bahalandyrylyşy, ýokary okuw mekdebiniň psihologiýasy we pedagogikasy, mekdep okuwçylarynyň taslama we ylmy-gözleg işleri, kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň tebigy-ylmy sowatlylygynyň kemala getirilişi we bahalandyrylyşy, mugallymyň işinde häzirki zamanyň sanly gurallary ýaly temalardan özara pikir alyşyp, öz iş tejribelerini paýlaşdylar.
Naberežnyýe Çelny Döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň ýanyndaky goşmaça hünär bermek boýunça bilim institutynyň müdiri Larisa Ramilewna Şakirowanyň alyp barmagyndaky ýurdumyzyň orta mekdepleriniň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlaryň häzirki zaman şertlerinde umumybilim edaralarynda bilimiň hiliniň bahalandyrylyşy boýunça geçirilen usuly-amaly okuwlar has-da gyzykly geçdi. Onda mekdep basgançagyndan başlap, halkara derejesinde ýaş nesle berilýän bilimiň ähli tapgyrlaryny döwrebap we netijeli amala aşyrmak we şol bir wagtda hem bilimiň hilini bahalandyrmagyň ugurlary, düzgünleri, standartlary we gurallary barada giňden ara alyp maslahatlaşylmalar boldy. L.R.Şakirowanyň geçen umumy okuwlary tejribe sapaklar bilen utgaşdyrylyp, iki dostlukly döwletleriň bilim bermek we bilimiň hilini bahalandyrmak boýunça usullary deňeşdirmek işi maksada laýyk boldy. Ýeri gelende bellesek, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän bu usuly-amaly okuwlar milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäginde halkara hyzmatdaşlygynda öz mynasyp ornuny tapdy. Mundan başga-da, russiýaly tejribeli alym-pedagog Z.M.Filatowanyň mugallymyň işinde häzirki zamanyň sanly gurallary, umumybilim edaralarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň inklýuziw okuwy, ýokary okuw mekdebiniň psihologiýasy we pedagogikasy ýaly has wajyp temalar biziň toparymyzyň pedagog işgärlerinde uly gyzyklanmalary döretdi. Bu ugurlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň güýçli depginler bilen ösmegi, okatmagyň has amatly we ýokary netijeli innowasion tehnologiýalarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrylmagy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň bilim standartlaryna laýyklykda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek arkaly ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda we mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmagykda ýetilen sepgitler, şol sanda, öňümizde durýan möhüm wezipeler, meýilleşdirilen maksatnamalar baradaky pikir alyşmalarymyz giň gerimli boldy. Toparymyzyň her bir diňleýjisiniň öz okuw-terbiýeçilik işinden tejribelerini paýlaşmaklary muňa mysal bolup bolar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ösüp gelýän nesillerimize atababalarymyzyň öwütündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini hasda kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa göräde, bilim özgertmelerini hasda işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir» diýen tabşyryklary umumybilim edaralarynda pedagog işgärleriniň öňünde goýan möhüm meseleleri amala aşyrmak babatynda öz üstünde yzygiderli işläp, bilimini kämilleşdirmek, hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bu usuly-amaly okuwlar ähmiýetli boldy. Arkadagly Serdarymyzyň bize – pedagog işgärlere döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, okatmakda, öz hünär derejelerimizi ýokarlandyrmakda, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmekde hemişe döredijilik gözleginde boljakdygymyza türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ynandyrýarys.
Gülruh Saparowa, Balkanabat şäheriniň
33-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.