
Täzelikler
298

Geçen hepde-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, flanel matalar, buýan köküniň ekstrakty we pagta önümleriniň arassalanylan galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 7,8 million dollaryndan gowrak boldy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.