
Täzelikler
434

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy L. Saryýewanyň “Maliýe we ykdysady ulgamda ulanylýan adalgalaryň düşündirişli sözlügi” atly okuw gollanmasy çap edildi. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary şeýle hem ykdysady ugurda bilimini kämilleşdirmäge isleg bildirýän ähli okyjylar üçin niýetlenilen bu okuw gollanmada ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda giňden ulanylýan düşünjeler we adalgalar giňişleýin görnüşde beýan edilýär. Esasanda önümçilik, ykdysady nazaryýet, maliýe, mikroykdysadyýet we makroykdysadyýet boýunça esasy terminleriň manysy, mazmuny we biri-biri bilen baglanyşygy giňişleýin açylyp görkezilýär. Okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.