
Täzelikler
252

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň 2025-nji ýyldaky 5-nji sany çapdan çykdy. Žurnalda makalalar “Şadiwanlar – bilimiň çeşmesi”, “Ak mekdepler gurulýar”, “Ylmy makalalar”, “Mekdebe çenli terbiýe”, “Umumybilim berýän mekdep”, “Hünär-tehniki bilim”, “Orta hünär bilimi”, “Ýokary bilim” atly rubrikalarda berildi.
Bütin adamzadyň hem-de ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy ylym-bilim hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we mähriban Arkadagymyzyň ýaş nesli ylymly-bilimli edip ýetişdirmek baradaky sargytlaryndan ugur alyp, žurnalda çap edilen makalalar Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, watansöýüji nesilleri terbiýelemeklige gönükdirilýär, bilim-terbiýe işlerini nazaryýet we tejribe taýdan has kämilleşdirmeklige niýetlendirilýär. Şeýle jogapkärli wezipäni üstünlikli çözmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplarynyň gymmaty nygtalýar.
“Ylmy makalalar” rubrikasynda ýurdumyzyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, aspirantlaryň ylmyň dürli pudaklaryndan gyzykly maglumatlary beýan edýän makalalary ýerleşdirildi.
“Mekdebe çenli terbiýe”, “Umumybilim berýän mekdep” atly rubrikalarda berlen makalalarda ýurdumyzyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerinde bilim-terbiýe bermek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler beýan edilýär.
“Bilim” žurnaly
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.