
Täzelikler
218

Ine, şeýle at bilen 2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabr günleri Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 38-nji çagalar bakja-bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly maslahat geçirildi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilimiň ilkinji basgançagy hökmünde mekdebe çenli çagalar edaralary çaganyň şahsyýetiniň düýbüni tutmakda, onuň intellektual, beden we ahlak taýdan ösmeginde aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hili ýurduň bilim ulgamynyň geljekdäki üstünligini kesgitleýän esasy şert bolup durýar.
Mekdebe taýýarlyk döwri, ýagny 5-6 ýaşly döwür, çaganyň durmuşynda iň jogapkärli döwürdir. Bu döwürde çaganyň diňe bir zerur bilimlerini we endiklerini özleşdirmän, eýsem, okuw işine bolan höwesini, öz-özüni dolandyrmak, jogapkärçilik, we deň-duşlary bilen aragatnaşyk gurmak ýaly esasy başlangyç kompetensiýalaryny hem kemala getirmelidir. Bu bolsa, mekdebe geçiş prosesiniň ýeňil bolmagyny we başlangyç synplarda okuw üstünligini üpjün edýär.
Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly toparlarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň häzirki ýagdaýyny seljermegiň we okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem hünärmenleriň iş usullaryny we ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen netijeli usulyýet tekliplerini alyşmagyň meseleleri geçirilen usuly-amaly maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Pedagogik täzeçilligi kemala getirmek we çaganyň irki döwürden başlap zehinini doly açmak, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşiniň wegeljekki nesilleriň abadançylygynyň ygtybarly girewidir. Geçirilen usuly-amaly maslahat mekdebe çenli we başlangyç bilim edaralarynyň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün etmek nukdaýnazaryndan okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy ýörelgelerini we mazmunyny öwrenmäge, hünärmenleriň okuw prosesinde ulanýan adaty we innowasion usullarynyň ähmiýetini we ulanylyşyny seljermäge, pedagoglaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda ýüze çykýan kynçylyklary we olary çözmegiň iň täsirli ýollaryny, sanly we interaktiw tehnologiýalary ulanmak arkaly okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň täze we kämil usullaryny ýaýratmaga giň mümkinçilikleri açyp berdi.
Maksuda Töräýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.