
Täzelikler
508

2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwyny tamamlaýan uçurumlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlary, Mary welaýat prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň zähmet kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary düşündirmek barada, olaryň hukuk sowatlylygyny ösdürmek, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösen, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmeleri boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa, talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapyp, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda geljekde öz mynasyp goşantlaryny goşjakdygyny ynandyrdylar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.