
Täzelikler
503

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Жаңа Қазақстан» "innowasion merkeziniň – «Bilim-orkenieti» atly milli innowasion ylmy-gözleg merkezi bilen bilelikde geçiren türki döwletleriň ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşan goşandy üçin «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly Halkara bäsleşiginiň orta hünär okuw mekdepler – kollejler tapgyrynda Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Janmämmedowa Altyntäç onlaýn gatnaşyp uly üstünlik gazandy. Guramaçylar talyby – Kubok, döşe dakylýan nyşan, şahadatnama we I derejeli Diplom bilen sylagladylar. Talyp A.Janmämmedowa ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça birnäçe taslamalary işläp taýýarlaýar we olary üstünlikli ornaşdyrmakda oňyn netije gazanýar. Talybyň bu üstünligi ýokary derejeli jogapkärçiligi, yhlaslylygy, hünär taýdan ösüşi hem-de şahsy ygrarlylygy ykrar edýär.
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.