
Täzelikler
197

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyz halkara giňişlikde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, dünýä nusgalyk görelde görkezýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda wakalar, gelip gowuşýan hoş habarlar munuň aýdyň mysalydyr.
2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde gurnamagynda “Bitarap Türkmenistan – parahatdyr bu mekan!” atly aýdym-sazly dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly dabaranyň başynda ajaýyp Watanymyzda talyp ýaşlaryň bilim almagynda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun sözleri beýan edildi.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen “Bitarap Türkmenistan – parahatdyr bu mekan!” atly aýdym-sazly dabara talyp ýaşlaryň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmakda, döredijilik ukyplaryny giňeltmäge hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda aragatnaşygy amala aşyrmakda itergi boldy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.