
Täzelikler
211

Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly” diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, dünýä halklaryny edebi terjimeler arkaly ýakynlaşdyrmak we zehinli ýaş terjimeçileri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýaş terjimeçileriň arasynda yglan edilen “Köňülleri birleşdirýän sungat” atly döredijilik bäsleşiginde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň Oba, tokaý we balyk hojalygy bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparynyň talyby Mährem Babamyradowa III orna mynasyp bolup, “Hormat haty” hem-de gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.