
Täzelikler
62

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 1-nji dekabrda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maldarçylyk toplumynyň edara binasyna baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Edara binasynda hünärmenleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Iş otaglary zerur enjamlar, şol sanda kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, olar bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz edara binasynyň sanly ulgam bölümine bardy. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimizi bölümiň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu bölümde toplumyň çäginde we önümçilik binalarynda alnyp barylýan işlere, idedilýän mallara sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek üçin ähli şertler döredildi.
Maldarçylyk toplumynda saklanýan iri şahly mallar baradaky maglumatlar ýörite boýunbaglardaky çiplerde ýerleşdirilip, mallara berkidilýär. Çiplerde her malyň tohum ugry, saglyk ýagdaýy, gündelik sagylýan süýdüň mukdary, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler we beýleki birnäçe maglumatlar jemlenendir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.
Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynyň ýolbaşçysyna täze satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň we awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şolaryň hatarynda ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasynyň kuwwatly traktorlary, däne ýygyjy we ot orujy kombaýnlary, dürli görnüşli oba hojalyk gurallary, Hytaý Halk Respublikasynda, Ýaponiýada öndürilen ýöriteleşdirilen awtoulaglar, tehnikalar hem-de ýeňil awtoulaglar bar. Bu döwrebap tehnikalar toplumyň işgärleriniň netijeli işlemeklleri üçin ýokary öndürijilik mümkinçiligine eýedir.
Hormatly Prezidentimiz döwrebaplaşdyrylan maldarçylyk toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.