
Täzelikler
93

Çagalaryň ýatkeşligini ösdürmekde, söz baýlygyny artdyrmakda we olaryň düşünjesini baýlaşdyrmakda ertekiler örän uly ähmiýete eýedir. Çünki ertekiler özünde gyzykly wakalary jemleýär. Olaryň hemmesi durmuşa akyl ýetirmeklige ýardam edýär. Islendik ertekiniň soňunyň gowy ýagdaýlar bilen gutaryp, baş gahrymanyň maksat-myradyna ýetmegi körpejeleriň ýüzünde şatlyk alamatyny döredýär.
Biz hem öz alyp barýan işimizde ýörite meýilnama esasynda başlangyç synplaryň arasynda türkmen halk ertekileri boýunça dürli bäsleşikleri we gürrüňdeşlikleri geçirýäris. Kitaphana gelýän ýaş okyjylarymyz özlerini gyzyklandyrýan ertekileri alyp okaýarlar. Olaryň okan ertekileri esasynda sorag-jogap alyşýarys. Bu bolsa, okalan her bir eseriň ýatda galmagyna oňat täsir edýär.
Häzirki wagtda hem mekdebimiziň okuwçylary Balkan welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan 2-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Ertekiler dünýäsi» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna taýýarlanýarlar. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi okuwçylaryň kitap okamaklyk endiklerini has-da artdyrýar.
Kitaba we onuň gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýýan, bize ähli babatda görelde mekdebi bolup durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýdýarys.
Gülşirin Annamämmedowa,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň
ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.