
Täzelikler
377

Türkmenistanda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurduň umumybilim berýän orta mekdeplerinden 4 – 12-nji synp okuwçylary gatnaşdy. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Parahatçylyk gaznasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan guraldy.
Okuwçylar bäsleşik üçin «Parahatçylyk ebedi bolsun!» atly mowzuga degişli esselerini, şeýle-de çeken suratlarydyr taýýarlan maketlerini hödürlediler.
Bäsleşigiň Düzgünnamasynda oňa hödürlenýän işlerde döwletiň gazanan üstünlikleriniň, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň, amala aşyrylýan özgertmeleriň we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünlikleriniň, ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň we ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetiniň öz beýanyny tapmalydygy kesgitlenildi.
Bäsleşik dört tapgyrda geçirildi: mekdep tapgyry 3-nji oktýabrdan 14-nji oktýabra çenli, soňra etraplarda we şäherlerde 18-nji oktýabrdan 21-nji oktýabra çenli çäreler geçdi. Üçünji tapgyr 3-nji noýabrdan 11-nji noýabra çenli welaýatlarda, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde guraldy. Jemleýji döwlet tapgyry dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňijiler üç ugur – esseler, suratlar we maketler boýunça kesgitlenildi. Olaryň her biri boýunça eminler üç sany iň gowy işi saýlap, birinji, ikinji we üçünji orunlary kesgitlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy. Iň gowy işler «Güneş» žurnalynyň sahypalarynda çap ediler.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.