
Täzelikler
397

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2025-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda Moskwa şäherinde Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy uniwersitetiniň binýadynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda (RUDN MATH OLYMP-2025) ajaýyp ýeňiş gazandylar.
Türkmen talyplary Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bäsleşdiler.
Bäsleşiklerde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary üstünlikli çykyş etdiler:
• Bendow Kerimguly şahsy hasapda birinji orny eýeläp, altyn medal gazandy;
• Haýytmuhammedow Yslam üçünji orny eýeläp, bürünç medal gazandy.
Bu üstünlikler talyplaryň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgady boldy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.